Daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistanda az galyndyly hem-de galyndysyz tehnologiýalary döretmek we olary önümçilige giňden ornaşdyrmak daşky gurşawy goramagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu iş diňe bir tehnologiýany düzmek we ony önümçilige hödürlemek bilen çäklenmän, birnäçe guramaçylyk häsiýetli meseleleriň hem çözülmegini talap edýär (kärhananyň çig mal we energiýa üpjünçiligi, ýeterlik ölçeg dolandyryş enjamlarynyň bolmagy we başgalar). Şonda,
— täze, ozal düzülmedik az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalary işläp düzmek;