Sözüň gutaran ýerinde saz başlanýar. Saz ajaýyp eserlerde wasp edilen aňdyr. Onuň täsirliligi sazlaşyga hem-de tebigy ýöntemligine baglydyr. Bu ýolda ömür külterlän sungat ussatlarynyň döreden eserleri halk hakydasynda ýaşaýar. Aýdym-saza, medeniýete sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly kitabynda: «Türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň sungaty aýdym-saz medeniýetiniň ajaýyp gatlagyny emele getirýär» diýlip bellenilýär. Kämillik ýoluna gadam basan şeýle zehinleriň biri-de Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor dirižýor mugallymy Nurana Annaberdiýewadyr. Hor sungatynyň aýratynlyklaryna göz ýetirmek üçin halypalaryň ýoluny dowam edýän Nurana mugallyma birnäçe sowallar bilen ýüzlendik.
— Nurana mugallym, bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň aýdym-saz sungaty halk ussatlarymyzyň ençeme nesilleriniň döredijiliginde sünnälendi» diýip belleýär. Hor sungatynyň ýolam biziň geçen nesillerimiziň döredijilik zähmetleriniň bir parçasy bolsa gerek?