Saza, onuň gudratyna biparh garaýan adam ýok bolsa gerek. Saz adamyň ýüregine, duýgularyna güýçli täsir edýär. Mukamyň jadysy ynsan kalbyna bir pursatda aralaşyp, duýgularyny öz erkine tabyn edýänliginde bolsa gerek. Beýleki sungat eserlerine garanyňda, sazyň adama täsir ediş gurşawy has uludyr. Elbetde, her bir adamyň öz islegi, öz dünýägaraýşy bar. Şol nukdaýnazardan, her adama saz sungatynyň belli bir ugrunyň ýaramagy mümkin. Sazyň ynsanyň ýaşyna, aň-düşünjesine garamazdan, hemmelere belli bir derejede täsir etmegi örän täsin ýagdaýdyr.
Dünýäniň beýik lukmany Ibn Sina saza «dermansyz» kesel bejermegiň usuly hökmünde garapdyr. Şeýle hem halkymyzyň geçmiş taryhynda birnäçe keselleriň saz arkaly bejerilendigi hakynda maglumatlar bar. Dutaryň jadylaýjy mukamy arkaly gyzamyk keselini bejeripdirler. Dünýä alymlary sazyň terbiýeleýji, ruhlandyryjy we rahatlandyryjy häsiýetleriniň bardygy hakynda netijä gelipdirler.