Türkmeniň uçar ganaty

22 Mart 2021
1663

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Türkmen seýisçilik sungatynyň kämilligi bilen kemala gelen dal bedewlerimize tebigatyň täsin gözelligi siňipdir. Onuň ýel ýaly öwsüp, ýyldyrym ýaly çalasynlygy, ýyndamlygy köpleri haýrana goýýar. Gözellikde, ýyndamlykda we wepalylykda köpleri özüne bendi eden ahalteke bedewleriniň täze neslini kemala getirmek, olaryň gadymy şöhratyny has-da dabaralandyrmak babatda bitirilýan beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.

Bilşimiz ýaly, ajaýyp döwrümizde ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa täze many-mazmuna eýe bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binagärliginde, täze gurlan we gurulýan ahalteke atçylyk toplumlarynda, şaýollaryň ugurlaryndaky yşyklandyryş sütünlerinde, şeýle-de ýollaryň çatryklaryndaky aýlawlarda, Olimpiýa şäherçesinde türkmen bedewleriniň keşbiniň ebedileşdirilmegi milli gymmatlygymyza goýlan belent sarpadan nyşandyr.

Jumageldi SALAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.