Dag obasynyň Nowgüli

21 Mart 2021
1810

(Hekaýa)

Ýolagçy awtobusynyň aýnasyndan daşaryny synlap oturan ýaş ýigidiň gözleri daş-töwerekdäki gözelliklerdedi. Onuň bu bolup oturyşy göýä bahar paslynyň ajaýyp gözelligi bilen jadylanan ýalydy. Ine-de, ulag iki tarapy hem dagdyr baýyrlyk bilen gurşalan ýol boýunça ýokarlygyna galyp ugrady. Ýigit şondan soň tutuş göwresi bilen ulagyň aýnasyna tarap öwrülip, bu gözellikleri has uly höwes bilen synlamaga başlady. Baýyrlaryň ýüzünde reňbe-reň açylan çigildemler, gülälekdir jümjümeler jadylaýjy gözelligi bilen diňe bir kalby hyjuwdan doly ýaş ýigidi däl, eýsem, islendik adamyny hem özüne bendi edip biljekdi.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.