Mähir ojagy

20 Mart 2021
1698

Islendik ugurda gowy netije gazanmak, ilki bilen döredilýän mümkinçiliklere bagly. Çagalaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň her ýyldaky ýeňijileriniň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň ýaşlarynyň hem bolmagy, ol ýerdäki köptaraplaýyn giň şertlerden ruhlanyp, alnyp barylýan joşgunly zähmetiň subutnamasydyr. Muňa ýakynda şol ýerde myhmançylykda bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. 300-e golaý çaga terbiýelenýän bu köşgüň 2009-njy ýylda ozalky binalarynyň durky täzelenip, goşmaça döwrebap binalar bilen üsti ýetirildi. Ilki bilen, köşgüň baş binasynda ýerleşýän otaglaryna, kitaphana, muzeýe aýlanyp gördük.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, çeper hem halk döredijiligine degişli kitaplar, daşary ýurt dilindäki çeper eserler, köşgüň uçurymlarynyň sünnäläp döreden dürli ölçegdäki nakgaş eserleriniň, ýaşajyk fotosuratçylarynyň düşüren baý many-mazmunly suratlarynyň diwarlary bezäp durmagy ýakymly duýgulary bagyşlady.

Akgül SAPAROWA,
«Güneş».