Medeniýete sarpam bar

19 Mart 2021
1408

Hazar şäherinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Medeniýete sarpam bar, dagdan beýik arkam bar» ady bilen bilim ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşanlar halk döredijiliginiň bir görnüşini ýerine ýetirdiler. Türkmen milli tanslaryny, sahna eserlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, şäher çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň topary baş baýraga mynasyp boldy. 7-nji, 9-njy çagalar baglarynyň toparlary birinji, 3-nji hem-de 8-nji çagalar baglaryndan gelen toparlar ikinji, 4-nji we 6-njy çagalar baglarynyň toparlary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Gurbangül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hazar şäher birleşmesiniň başlygy.