Domino oýny

19 Mart 2021
2766

Domino oýnuny 2, 3 ýa-da 4 adam bolup oýnap bolýar. Bu oýunda, adatça, 28 daş bolýar. Her daş çyzyk bilen ikä bölünip, onuň her tarapynda 0-dan 6-a çenli nokat bolýar. Oýnuň esasy maksady domino daşlarynyň deň nokatly taraplaryny birikdirip, olary yzygiderli düzmekden ybarat. Oýna başlamazdan öň, oýnuň näçe bolup oýnaljakdygy, soňra bolsa näçe utuk alnanda oýnuň tamamlanjakdygy kesgitlenilýär. Emma bu oýunda iň köp utuk alan ýeňilýär. Sebäbi utuk ýeňlene berilýär. Oýunda her oýunçyda 7 sany daş bolup, bu daşlary ilkinji gutaran oýnuň ýeňijisi bolýar. Oýun tamamlananda, beýleki oýunçylaryň elinde galan daşlaryň nokatlarynyň sany olara jerime utugy hökmünde berilýär.

Bu oýnuň başga görnüşli oýnalyşlary hem bar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen oýnuň kompýuterler hem-de smartfonlar üçin niýetlenen görnüşleri bolsa-da, deň-duşlaryňyz bilen oýnamagyň has gyzyklydygyny unutmaň!

Taýýarlan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.