Daşlaryň dilindäki söhbet

18 Mart 2021
1860

Çalynmadyk sazlara bagyşlanan heýkel

Heýkeltaraş Polat Mämiýewiň özi bilen onuň döreden heýkelleri hakynda gürrüň etsek, ol her bir döreden eserinde özboluşly, üýtgeşik bir pikiri öňe çykarýar. Onuň bilen bile ussahanasyndaky heýkeli synlaýaryn.Sazanda Jepbar Hansähedow. Ol ýaş hem görmegeý. Ykjam hem gujurly. Dutary-da bar. Häzir dutaryny bir gulakdan düzüp, özüniň meşhur sazyna — “Baga girelä” başlaýjak ýaly duýgyny döredýär. Emma... Emma çalynmaz, sebäbi eser çalnan saz hakynda däl-de, çalynmadyk saz hakynda. Sazanda dutary tutanok, heýkelde dutar doly şekillendirilmändir. Göýä dutar bilen sazanda bir bitewi göwrä öwrülip, biri beýlekisine siňip duran ýaly bolup görünýär. Munda basylmadyk perdeler, kakylmadyk kakuwlar görünýär, sen, elbetde, olary göreňok, emma kalbyň bilen duýýaň. Dutaryň ho-ol sap ujunda — goşa gulagyň durmaly ýerinde bolsa gül tahýaly bir gyz uzyn saçlaryny ýaýyp duran ýaly görünýär. Ol-da sazandanyň indiki sazyna intizarlyk bilen garaşýarmyka? Polat onuň gyz maşgala däl-de, türkmeniň gowy görýän leýlisaç agajydygyny aýdanda, “Hä, asyl, şeýlemidi?” diýýäň hem-de şol wagt eserdäki aýdylýan pikiri dolulygy bilen kabul edýäň: heýkel ir üzülen ömri hem-de çalynmadyk sazlary ebedileşdirýär. Sag gursakda, dutaryň kädisi hem sapy bilen sazlaşyp duran ýerde görünýän zenan maşgalanyň suduryny bolsa wagtyndan ir solan ömre zarynlap duran ene topragyň keşbi hökmünde kabul edýäň. Şo pille: «Eger sazanda aýatda gezip ýörenliginde, ýene, gör, näçe “Baga gireli” ýaly sazlary çalardy» diýip oýlanýarsyň. Aslynda, Jepbar Hansähedowyň ýerine ýetiren “Baga girelisine” meşhur Mylly Täçmyradow ýokary baha beripdir. Mylly aga: “Jepbar jan “Baga girelini” çalanda, bagyň islendik ýerinden çykyp ötägidýär, biz welin ondan çykyp bilmän ýörüs” diýer eken.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.