Bagşylar söz açsa,göwün gül açar

17 Mart 2021
1623

Dessanlar milletiň ruhy baýlygy, ynam-ygtykady hakynda söz açýar. Bagşylar dessan aýtmaga başlamazdan öň, mähellä geňeş salypdyrlar. Magtymguly Garly ýaly ussat dessançy ilki adamlara ýüzlenip: «Halaýyk, «Garry halardan» başlaýynmy, «Ýaş söýerden» gideýinmi, ýa «Garyşyk ýoldan» ýöräbereýinmi?» diýer eken. Dessan diňlemäge gelenleriň aglabasy ýaşululardan ybarat bolsa, onda bagşy dessany pelsepewi äheňde, manylaryna artygrak öwüşgin berip, «Garry halar» ugry bilen dessan aýdypdyr. Toýa bagşy diňlemäge gelenleriň arasynda ýüreklerinde yşk-söýgüsi süýjäp başlan ýigitler agdyklyk edýän bolsa, onda bagşy süýji-süýji degişmeleri aýdyp, aşyk-magşuklaryň inçe duýgularyny juda saýhally beýan edip, «Ýaş söýer» ýolundan jemendä hezil beripdir. Her bagşynyň dessana başlamanka aýdýan sanawajy bar. «Türkmeniň öçmez hazynasy dessan eken, diňlänleriň başy asman eken. Baryny başdan aýdaýyn, gepimde ýalan tapsaňyz, yza gaýdaýyn. Dem şu demdir, özge deme dem diýme, aýtjagym köp, süýji sözüň kem diýme! Dutarym sözlär tar bilen, guşlar uçanda per bilen, belent daglar owadan başynda ap-ak gar bilen. Hezil etme pälwan bilen, ýykar seni emel bilen, iki agyz dessan aýdaýyn, golumda goşa tar bilen. Elkyssa, muhteser, yşk-söýgi, bir heser...» diýip dessana başlanda, ýaş ýigitleriň biri durubilmän:

— Bagşy aga, ýigit göwnün kim keser? — diýýär. Onda bagşy: «Aşyk göwnün gyz keser. Gülaýym Bulduryň gyzydy, alkymy gardan durudy, ýaşy ýigrimiden geçendi, deň-duşlary durmuşa çykandy. Derek boýly görmegeýdi. Özi bolsa akgyzdy, ilde deňi ýok gyzdy, saçy derýadan aşar, zülpi dyzyndan geçer...» diýip, «Görogly» şadessanyndan «Gülaýym we Ärhasan» şahasyny «Ýigit halar» ýolundan aýdyp beripdir.

Mahym Rozyýewa.