Ýürekleriň aýdymy

17 Mart 2021
2536

Her gezek gulluk edýän serhet galamyzyň golaýynda ýerleşýän serhet diňindäki, ýa bolmasa-da serhet galamyzyň nyzam meýdançasynyň gyrasynda ýerleşdirilen baýdak diňindäki pasyrdap duran mukaddes Baýdagymyza nazarym düşende kalbyma, özboluşly ruhy sazlaşyk aralaşýar. Gursagymda peýda bolýan bu üýtgeşik duýga men bir gez beýgelip, has-da ruhlanýaryn. Kalbymda döreýän bu duýgyny asmanda erkanalygyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyzyň berýän güýç-kuwwaty hasaplaýaryn.

Döwlet baýdagymyzyň keşbi gulluk edýän ýerlerimi — ýaýlyp ýatan ýaşyl sähralyklaryň keşbini göz öňümde janlandyrýar. Ol Watan goragyna, oňa ak ýürekden hyzmat etmäge çagyryş bolup, dünýämizi bezeýär. Ýurt we Baýdak — bular biri-biri bilen baglanyşykly mukaddeslikdir. Asuda asmanda parlap duran Baýdagymyza nazaryň düşende, mizemez arkalydygyňa synmaz döwletlidigiňe buýsanýarsyň. Bir gezek halkara ýaryşlaryndan üstünlikli dolanyp gelen serhetçi türgenlerimiziň birinden ýeňiş münberine çykan wagtynda ýaşyl Baýdagymyzyň belende göterilmeginiň özünde galdyran täsiri hakynda soranymda, ol şeýle gürrüň beripdi:

Kamar SAPAROW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.