Sungatda öz ýoluňy tapmak, döretmek ylahy zehini, aýratyn başarnygy talap edýär. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri-de Begençmyrat Çaryýewdir. Biz okyjylarymyzyň isleglerini nazarda tutup, Begençmyrat bilen gürrüňdeş bolup, onuň döredijiligi we durmuş ýoly hakynda söhbet etmegi makul bildik.
— Begençmyrat, söhbedimiziň başyny aýdym-saz sungatyna gelişiňizden başlaýalyň!