Baýramçylyk sergisi

16 Mart 2021
1802

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän berkarar Watanymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilýär. Häzirki günlerde bu ajaýyp sene mynasybetli Gökdepe etrabynda hem gyzykly baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Etrap merkezinde ýerleşýän «Gökdepe» Milli muzeýinde «Bu gün gül Diýara Nowruz gelipdir» ady bilen açylan baýramçylyk sergisi hem şu şanly senä bagyşlandy.

Serginiň açylyş dabarasy toý ruhuna eýe boldy. Etrabyň Medeniýet bölüminiň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan milli öwüşginli aýdym-sazlar ol ýere ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Milli toý däplerini açyp görkezýän tomaşalar hem ünsi çekiji boldy.

Merdan HYDYROW,
«Gökdepe» Milli muzeýiniň direktory. SURATLARDA: serginiň açylyş dabarasyndan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.