Ýaş nesliň terbiýesi

15 Mart 2021
2235

Çaga maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Şonuň üçin türkmen halky nesil terbiýesine aýratyn üns bilen çemeleşýär. Maşgalanyň abraýy onda kemala gelen hem-de terbiýelenen çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişi, ene-atasyna we başgalara edepli gatnaşygy bilen ölçelýär. Çagalaryň özüni alyp barşy maşgalada olara berilýän terbiýä baglydyr. Maşgalada ýaş nesle zähmet terbiýesini bermek möhüm işleriň biridir. Gyz çaganyň zähmet terbiýesini guramaga ejesiniň terbiýeçilik täsiri güýçli bolsa, oglanjygyň zähmete höwesjeň bolmagynda kakanyň we özünden uly erkek doganlarynyň täsiri uludyr. Pederlerimiz bu täsiri «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz — keýwany» diýen ýaly dana sözleriň üsti bilen beýan edipdirler.

Ata-babalarymyzdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Maşgalada uly ýaşlylar tarapyndan çaga kiçiliginden, özünde zähmet çekmäge höwes döränden oňa ýeňiljek işler tabşyrylyp başlanýar. Gyzjagazlar gap-gaçlary saçaga äbermek we iýlip-içilip bolandan soň, ýygnamak ýaly işlere kömekleşýärler. Biraz ulalandan soň, olary öý işlerine kömekleşdirmek, gyzjagazlara kir ýuwmak, işdäaçar taýýarlamak, özünden kiçi jigilerine seredişmek, tikin-çatyn işleri bilen meşgullanmak öwredilýär.

Aýnabat BALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 47-nji orta mekdebiň müdiri.