Gözel tebigatymyza buýsanç

11 Mart 2021
1692

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz: “Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar” diýip belleýär. Gözel tebigata bolan aýawly gatnaşyk, daşky gurşawyň goragy ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ýurdumyz howanyň üýtgemegi, ýer-suw gorlarynyň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň suw gurşawyny we biodürlüligini goramak bilen bagly tutuş adamzady tolgundyrýan ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýar.

Hormatly Arkadagymyz: “Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr” diýip belleýär. Häzirki döwürde dünýäniň ählumumy ekologiýa meseleleriniň biri howanyň üýtgemegidir. Türkmenistan 1996-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny we şol konwensiýanyň Kiota Teswirnamasyny ykrar etdi. BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýasynyň tarapdary bolan Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Aral deňziniň meselelerini çözmek üçin çäreleri görmek boýunça bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýar.

Enegül TAŇYRBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.