Tebigaty goramakda asylly ýörelgeler

10 Mart 2021
1670

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge, ýurdumyzyň tebigatynyň goralmagyna we onuň baýlyklarynyň netijeli peýdalanmagynyň üpjün edilmegine, ýaş nesilleri tebigata söýgi ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretli durmuşy üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça edilýän tagallalar Türkmenistanyň ösüş ýolunyň esasy ugurlarynyň biridir.

Döwletimizde köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralaryny ýaýbaňlandyrmak işleri tebigatyň gözel keşbine görk goşmaga, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli işleriň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelgä eýerip, her ýylky bag ekmek möwsüminde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saýaly, pürli we miweli agaçlaryň millionlarçasy ekilýär. Bu gün bolsa gök agaçlar seýilgählerimiziň, baglarymyzyň, köçelerimiziň bezegi hem-de binagärçilik gözelliginiň we şäherleri, obalary, senagat merkezlerini abadanlaşdyrmagyň esasy serişdesi bolup durýar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.