Eneler keremdir, keramatdyrlar

9 Mart 2021
2022

...Ene üçin perzendinden mähriban, eziz ynsan ýok, perzent üçin hem iň eziz ynsan — ony dünýä getiren, janyndan jan beren käbesi. Şonuň üçin enäniň huzurynda, onuň mähribanlygynyň öňünde hemmeler, bütin barlyk, ynanç-ygtykadyna, jynsyna, milletine garamazdan, ähli ynsan kowumy baş egýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen kitabynda: «Dünýäniň akyldarlary, weliler, ýagşyzadalar hakyndaky tymsallarda hem gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýen çuňňur pelsepä ýugrulan sözler bar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».