Söýgüsi melhemdir, gujagy — bossan

9 Mart 2021
1657

«Aýlar gyzym Aý ýaly,
Aýda dokar bir haly.
Halysynyň kenary,
On barmagnyň hünäri».

Mylaýym hüwdi ýaňlanýar. Süýji ukuda ýatan çagajygyň ertirki gün eli hünärli, ene-atasyna, il-gününe, Watanyna wepaly bolup ýetişmegini ündeýän hüwdüde enäniň ýagşy umyt-arzuwlary jemlenen. Şol mahmal hüwdi bilen terbiýelenýän perzent Watanyna, ata-enesine bolan söýgi-mähirden kalby doly ynsan bolup ýetişýär.

Dünýägözel ORAZOWA,
«Balkan».