Gün deý nurana, gül deý görkana

5 Mart 2021
1067

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Zemine görk berýär gelinler-gyzlar» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler zenanlaryň mertebesini beýgeldýändigi we olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdyp, zenan mähriniň we söýgüsiniň gudraty barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Talyp gyzlaryň göwün nuruny siňdirip döreden el işlerinden guralan sergä tomaşa etmek dabara gatnaşyjylaryň her biriniň kalbynda gaýtalanmajak duýgulary oýardy. Sergide ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk, dokmaçylyk, keşdeçilik, tikinçilik ýaly gadymy senetçiligiň mynasyp dowam etdirilýändigi giňden açylyp görkezildi. Mekdebiň giň däliziniň ugrunda guralan sergide ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän nakgaşçylyk eserlerine hem giň orun berildi.

Nurana ATAMYRADOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.