Aşgabat. Aşyklaryň şäheri. Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi. Dünýäniň ýüzünde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň mekany hökmünde uly ynam, buýsanç bilen bakylýan şäher. Biziň islendigimiz üçin ol Watan sözi bilen manydaş. Hut şonuň üçin hem biz şahyr tarapyndan:
Mähir, söýgi bardyr eziz adyňda,
Okgun bardyr seniň bedew badyňda,
Elmydama ak Gün dogsun alnyňda,
Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!