Zenan mertebesiniň orny

3 Mart 2021
729

Ýakynda gözel paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik bagtyýar zamanamyzda zenanlara goýulýan çuňňur sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Ene-mamalarymyzdan biziň gelin-gyzlarymyza miras galan däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler we ruhy gymmatlyklar bäsleşigiň dowamynda aýdylyp geçilen çykyşlaryň we şekillendirilen filmleriň ählisinde aýdyň duýulýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlary özüne jemleýär. Ezberligi, tutanýerliligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan içki we daşky medeniýeti ýüze çykarýan bu bäsleşik üç tapgyrda geçirildi.

Bäsleşigiň guramaçylyk topary her tapgyryň ýokary hilde geçirilmegi ugrunda birnäçe çäreleri alyp bardy. Dürli ugurlar boýunça bäsleşen zenanlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny tejribeli emin agzalarynyň öňünde subut etmek bilen, üstünlikli çykyş etdiler. «Ýylyň zenany» atly bäsleşik diňe bir çeper elli zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny däl-de, eýsem, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän bäsleşikleriň hataryna girýär, çünki oňa gatnaşýan zenanlar bäsleşigiň şertine görä, öz hünärlerini hemmetaraplaýyn suratlandyrýan gysga wideofilmleri hem taýýarlap, emin agzalarynyň dykgatyna hödürleýärler.

Jeren ÖWEZOWA,
uly leýtenant.