«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti: täze pikirleriň, innowasion taslamalaryň dünýäsine syýahat

1 Mart 2021
2104

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň paýtagtymyzyň Oguz han köçesiniň ugrundaky okuw binasynyň ýanynda döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetine baranymyzda, bada-bat ikinji gata çykylýan basgançakdaky: «Ähli zat pikirden başlanýar» diýen ýazgyda nazarym eglendi. Munuň hakykatdan-da şeýledigine asla şübhe ýok. Ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk hem hut pikirlenip bilmek başarnygy ahyryn! Akylly-başly pikirlenmek bilen, adamzat özüni gurşap alan barlykda indi sanýetmez ýyllardan bäri ýaşamagyny dowam edip gelýär. Ýer ýüzündäki adamlaryň sany milliardlarça, pikirlere bolsa asla soňlanma ýok...

Işläp başlanyna o diýen köp wagt geçmedigem bolsa, biziň gürrüňini etmekçi bolýan IT meýdançamyza gatnaýan ýaşlaryň täzeçil pikirlenmelerinden, görüň, eýýäm innowasion taslamalaryň näçesi kemala gelipdir! Olary önümçilige ornaşdyrmakda-da asla müşgillik ýok. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmegi ýurdumyzyň ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde kesgitlän zamanynda şu hili «akylly» çemeleşmelere zerurlyk barha artýar. Şoňa görä-de, IT hünärmenlere we olaryň önümlerine zähmet bazarynda-da isleg örän ýokary.

Sahypany taýýarlan Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».