Kesbi-käri — nesillere nusgalyk

1 Mart 2021
1435

El hünärimiz bize ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp sungatdyr. Olaryň ruhy dünýäsiniň aň-paýhasynyň özboluşly beýany bolan el işleri arkama-arka dowam edip, häzir hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ýurdumyzda el hünärini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesle ýetirmek üçin halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilip, bu ugurda birnäçe işler alnyp barylýar.

Golaýda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, el hünärini ýaş nesle öwretmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «El hünärim ― nesillere dowamat» atly sergi guraldy. Oňa eli çeper halypalardyr okuwçy gyzlar hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Sergide zenanlarymyzyň el hünärleriniň welaýatymyza mahsus nusgalary ýaýbaňlandyryldy. El işleriniň sergisinde keçeler, kilimler, owadanlygyna taý gelmeýän ýüpek halylar bu ýere gelenleriň hiç birini-de biparh goýmady. Gadymdan galan nusgalyk el işlerine şu günki nesillerde söýgi, höwes döretmek, olara müň öwüşginli el hünärini öwretmek maksady bilen guralan sergä gatnaşan zenanlar ýaş gyzlara ik egirmek, gelin-gyzlaryň lybaslarynyň biçüwi, gurama düşekçäniň guralyşy, halydyr kilimleriň dokalyşy, keçe basylyşy we elbukjalarynyň dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşy barada düşünje berdiler. Bu işleri öwrenmäge höwesek gyzlarda sergi diýseň uly täsir galdyryp, olaryň ýene-de birnäçe el hünärlerini öwrenmeklerine bolan höwesini artdyrdy. Şeýle-de kümüş saçly enelerimiziň rowaýata öwrülip, älem gözelligini özünde jemleýän ajaýyp sungat eserleri barada beren gürrüňleri ýaş nesil üçin has-da täsirli boldy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.