Parahatçylykly ösüşiň berk binýady

27 Fewral 2021
1385

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Diýmek, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolan 2021-nji ýylda Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň bütin dünýä ýaň saljak 30 ýyllyk dabaralary geçen ýyl halkara derejesinde giňden bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, bu iki senäniň taryhy wakalary bir-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, Ýer ýüzüne ýaýylar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, türkmen döwleti parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar bolsa häzirki döwrüň iň bir wajyp meseleleriniň giň toparyny gurşap alýandygy bilen tapawutlanýar. Şonuň bilen birlikde, şol başlangyçlaryň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna, umumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanma döredýär hem-de giň goldaw tapýar. Hut şu jähetden, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Annameret AMANAKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.