«Alkyş alsaň, mydam işiň oň bolar» diýen gyzylyň gyryndysyndan gymmatly pähim bagt diýlen mukaddes düşünjäniň öz käriňden rysgal-döwlet tapyp, il-günüň alkyşyny alyp ýaşamakdygyna güwä geçýär. Elbetde, käriň hemmesi hem gowy. Haýsy käre baş goşup, gujur-gaýratyňy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekseň aljagyň alkyş, gazanjagyň abraý bolar. Ýöne nähoşlykdan saplanyp, saglyk atly taýsyz hazyna eýe bolan ynsanyň derdine em eden lukmana aýdýan alkyşynyň çäginiň ýokdugyny welin, hiç kim inkär edip bilmez.
Täze taryhy eýýamda amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyzy gije-gündiz alkyşlaýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, dünýä halklarynyň milli Liderimize alkyş-hoşallygynyň çägi ýok. Lukman Prezidentimiziň dünýä lukmançylygynyň genji-hazynasyna öwrülen kitaplarynyň, ylmy işleriniň, ajaýyp eserleriniň Ýer ýüzünde giňden meşhur bolmagy her birimizi guwandyrýar. Alym Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda biz, lukmanlar üçin neneňsi derejede gymmatly gollanmadygyna göz ýetirmek kyn däldir. Gahryman Arkadagymyzyň bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda çopantelpek, käkilik oty, keýik oty, narpyz, buýan köki ýaly köp sanly ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryň derdiňi dep ediji güýji barada giňişleýin söhbet edilýär. Olary ýygnamagyň, taýýarlamagyň, peýdalanmagyň tärleri we şertleri dogrusynda jikme-jik aýdylýar. Şeýle ösümlikleriň arasynda üzärlik ösümligine aýratyn orun degişlidir. Bilşimiz ýaly, halkymyz bu ösümligi ýagşydan-ýagşy yrymlar, umyt-arzuwlar, gözden-dilden, kesellerden goraýjy güýç bilen baglaýar. Alymlaryň we bilermenleriň geçiren barlaglary üzärligiň tüssesinde keselbent bedenjikleri ýoklaýan we zyýansyzlandyrýan maddalaryň köpdügini görkezdi. Bu ösümligiň ähmiýeti häzirki şertlerde has hem artýar.