Binagärlik sungatynyň dürdänesi

26 Fewral 2021
1132

Mälim bolşy ýaly, 24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda belleniljek Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek we ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onda milli Liderimiz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Munuň özi Aşgabady ösdürmek we onuň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda gurulýan ak mermerli durmuş maksatly binalar we beýleki desgalar Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzda şeýle maksatly desgalaryň ençemesini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.