Parahatçylygyň gadymy kökleri

25 Fewral 2021
1044

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň köňlünde täze üstünliklere bolan galkynyşy döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň adynyň parahatçylyk we özara ynanyşmak bilen pugta baglanyşdyrylmagy hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan parahatçylyk, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň şu ýylda ýedi yklyma aýratyn täsin öwüşginli ýaýyljakdygynyň nyşanydyr.

Parahatçylyk sözi gadymy halkymyzyň durmuşynda müdimi kök urup, onuň manysynda özbaşdaklyk, özerklilik, özygtyýarlylyk ýaly mukaddes sözler berk baglanyşýar. Halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyndan bäri dowam edip gelýän ýaşaýyş ýörelgesi, şu keramatly topragyň üstündäki dagdyr deňiz-derýasynyň, alyslara ýaýylyp gidýän sähra-düzleriniň, jülgeleriniň, jadyly gözellik bilen gurşalan daglarynyň, şypaly ýerasty çeşmeleriniň, ýerasty tebigy baýlyklarynyň, gaýtalanmajak özboluşly tebigatynyň täsin gözellikleri bilen birleşýär. Şu jähetden, türkmen halkynyň özüniň mukaddes ýurduna, keramatly topragyna bolan mähri deňiz-derýasy ýaly çuňňur, daglary ýaly beýik. Ylaýta-da, halkymyz öz tebigaty bilen bile biten ýaly. Tebigaty ezizlemek, ony özüniň janynyň bir ülşi ýaly görmek duýgusy, pederlerimiziň türkmen tebigatyny yzygiderli ösdürmäge, ony timarlamaga bolan yhlasyny artdyrypdyr. Ýabany ösümlikleri medenileşdirmek dana pederlerimiz tarapyndan örän parasatlylyk bilen, hatda ylmy derejede alnyp barlypdyr. Köpetdagyň jülgelerinde, guzaýlarynda häzirki wagtda-da duş gelýän ýabany almalar aşa şirinligi bilen mälimdir. Baryp-ha, geçen asyrda ata-babalarymyz ýabany almalaryň görnüşini tejribe üsti bilen döredipdirler. Şol döwürlerde türkmen topragynda biten alma baglaryny gören taryhçylaryň, geografiýaçylaryň alma hasyllaryna, bereketli miwelerine beren bahasy akylyňy haýran edýär. Diýmek, gözellige mynasyp goşant bolan täze hilli alma baglaryny ýetişdiren eždatlarymyzyň çuňňur söýgüsini parahatçylyga bolan söýgi diýip, arkaýyn aýdyp bolar. Ol belent söýgi gudrat döretmäge ukyplydyr. Parahatçylygy döretmek sungaty, tebigaty gözelleşdirmegi we kämilleşdirmegi hem öz içine alýar.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.