Sähra bedewleri ylmy taýdan öwrenilýär

24 Fewral 2021
2938

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 3-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň dag eteklerinde, sähralarda, Garagum sährasynyň jümmüşinde bar bolan sähra bedewleriniň genetikasyny, tohumyny we seleksiýasyny hem-de olaryň gelip çykyşyny ylmy taýdan öwrenmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenleriniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we «Türkmenistan» teleýaýlymynyň şeýle-de Balkan welaýatynyň ýerli teleoperatorlarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 10 — 13-nji fewraly aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ilkinji iş sapary amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz 22-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda hem sährada aýry-aýry topar bolup, gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet bermelidigi barada aýtdy.

Söhbetdeş bolan Narly NURYÝEW,
žurnalist.