Bir goşgynyň döreýşi

17 Fewral 2021
1683

Esenguly etrabynyň Çekişler obasy gojaman Hazar deňziniň kenaryny ýakalap oturan gadymy obalaryň biri bolup, onda ýaşaýan ilatyň kesp-käri balykçylykdyr. Öňki döwürler adamlar deňizden balyk tutup, dürli guşlary awlap, güzeranlaryny dolandyrypdyrlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, atamyň dogany Anna Kowusow hem şu obada balykçynyň maşgalasynda doglup, gözüni açyp göreni balykçylaryň durmuşydy. Şeýle bolansoň, dogduk obasyndan uzakda ýaşap, işlese-de, balyk tutmaga, guş awlamaga rugsat edilýän möwsümde obasyna gelip, mähriban obadaşlary bilen awa giderdi, mergen awçylaryň biri hasaplanardy.

«Aşgabatdan Anna däde gelipdir» diýen habary eşiden oba adamlary, balykçylar, awçylar, mergenler şahyryň garry öýlerine, ýagny biziň öýümize üýşerdiler. Diňe bir biziň obamyzdan däl, eýsem, etrap merkezi bolan Esenguludan hem awçylar gelerdiler. Olar gijäniň ýaryna çenli deňziň baýlyklary, balykçylyk kesp-käri, guşlar hakynda söhbet ederdiler. Şahyr bolsa olara öz döreden goşgularyny okap bererdi. Dogduk obasy, gojaman Hazar deňzi, onuň gözellikleri hakyndaky goşgulary bu ýere ýygnanan adamlar uly gyzyklanma bilen diňläp, olardan lezzet alardylar. Şeýdip, olar gije ýarymdan agandan soň, ertir awa gitmeli wagty maslahatlaşyp, öýlerine gaýdardylar.

Arazgeldi GURBANÝAZOW,
«Balkan».