Yhlasyň, hyjuwyň, zähmetiň joşguny

17 Fewral 2021
1275

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da belende galdyrmak üçin Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär. Bular barada hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda iň ösüşli zamanada — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba-şäherlerini, şol sanda şu ýyl esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady öňküdenem gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem giň gerimde ýaýbaňlanýar. Ýeri gelende aýtsak, göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 45-si ulanylmaga berildi.

«Esger».