Toprak hem-de ýer hakda

17 Fewral 2021
1606

Gaty gatlak, Garagaty — sürülýän gatlagyň astyndaky dykyz gaty gatlak. Bu gatlak ýeriň çuň sürülmezliginiň netijesinde emele gelýär. Däneli ekinleriň we pagtanyň 70-80 göterime çemesi gaty gatlagy deşip ösüp bilmeýär. Netijede ösümlikleriň oňat ösüp bilmeýänligi üçin hasyllylygy-da pes bolýar.

Gaýyr ýer — derýanyň ada taşlan ýerindäki ekerançylyk ýer. Onuň topragy küpürçäp duran ýumşak bolýar. Derýanyň ýakyndan akýanlygy üçin toprakdan yzgar çykyp durýar. Şonuň üçin oňa düme gawun-garpyz ekilýär.

(Metbugat materiallary esasynda taýýarlandy).