Gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar

12 Fewral 2021
1844

Serdar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan dokmaçy gelin-gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň zenan ykbalyna ýetirýän täsirini, durmuşdaky ähmiýetini wasp etdiler. Wideoşekilleriň üsti bilen welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde el işlerinde ulanylýan gadymy we häzirki zaman nagyşlaryny görkezdiler. Şol nagyşlaryň döreýşi, gelip çykyşy hakynda gürrüň berdiler. Çeper elli zenanlar eminler tarapyndan tabşyrylan el işlerini ökdelik bilen ýerine ýetirdiler. Nagyşlaryň gadymy nusgalary bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary aýdyp berdiler. Zenan zehininden döreýän keşde-nagyşlarymyzyň gadymy nusgalaryny kämilleşdirmäge, arkama-arka dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizi ýaş nesillere ýetirmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».