Gözlegimiz — ýaş zehinler

11 Fewral 2021
1734

Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa, professor Kakajan Ezizow, dirižýor Mäne Meredow, pianinoçy Gözel Annamämmedowa, aýdymçy Roza Töräýewa, kompozitor Rejep Rejepow ýaly ussatlaryň ençemesi sungatyň ilkinji ädimlerini hut şu ýörite sazçylyk mekdep-internatyndan başladylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ösüşleriň, özgerişleriň zamanasy hökmünde taryhda altyn sahypalar bilen orun alýar. Bu günki gün milli gymmatlyklarymyzyň dünýä çykmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň özi-de halkymyzyň asyrlarboýy toplap gelen medeni-ruhy hazynasyna täze ömrüň bagyş edilmegidir. Bu babatda sungat işgärlerine, şol sanda aýdymçy-sazandalara-da uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem biz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda sungat äleminde mynasyp menzilleri dowam etdirjek ýaş zehinleri ýetişdirmekde ähli yhlas-başarnygymyzy siňdirip zähmet çekýäris.

Berdinyýaz BABANYÝAZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndakyýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti.