Parahatçylyk — asylly ýörelgämiz

9 Fewral 2021
1840

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanýandygynyň aýdyň we anyk subutnamasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sebit we ählumumy abadançylygy üpjün etmekde dost-doganlyk gatnaşyklar has-da ösdürilýär.

Aslynda parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi milli Liderimiziň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapýar.

Matlýuba BABAŞOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiň mugallymy.