Dünýäniň sowulmaz ýazy Aşgabat

5 Fewral 2021
1546

Dünýäniň sowulmaz ýazy ― baky bahar, ýylyň dört paslynda solmaýan gözellik! Ömrümiň soňlanmajak bahary ― goşa ýazly ýyllarym, ýyly ýagmyrly ýaýlalarym, gülgün säherleriň süýdüni süňňüne siňdiren ak sähralar, size baky togabym! Dogduk mekanym, ak paýtagtym ― senli ýaşan her günüme baky tagzymlar bolsun! Waspy ajap aýdymlara beslenen Aşgabat agşamynyň pynhan pursatlarynda sere aýlanan bu ter duýgularyň gelip çykan tebigatyny öz ýanymdan yzarlamak isledim. Başartmady. Olary asla gursakda baýdak bolup pasyrdaýan göwün guşundan aýra göz öňüne getirip hem boljak däldi. Bu duýgular göwün daragtymyň süýji miweleri. Olar — ak säherleriň begenç gözýaşlary ýaly tämiz nem damjalary. Olar — gyşyň aýazly gününde duýdansyz ýere gaçýan ilkinji gar tozgalary. Olar ― ýaňy dünýä inen päkize çaganyň ilkinji mähir gundagy.

Bu duýgular meni durkum-düýrmegim bilen gurşap aldy, mährem enem ýaly bagryna basyp ezizledi. Köp gatly ýokary amatlykly jaýyň açyk penjiresinden eliň aýasyndaky ýaly ýaýylyp ýatan gijeki şäher gözelligini lezzet bilen synladym. Nurana ak şäherimiz bu gün Gündogar ertekilerini ýada salýar. Göwnüm uçar haly bolup gursakda telwas etdi. Mylaýym Aşgabat gijesine seýil-seýran etmek höwesine eýerdim. Belent ýaşaýyş jaýynyň lifti meni ýokarky gatdan göz açyp-ýumasy salymda düşürdi. Ýüzümi mylaýym şemala tutup, nurana köçeleriň ugrundan howlukman ädimläp ugradym.

Aknur ATAÝEWA,
"Nesil".