Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üstünlikli berjaý edilýär. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetde hususy pudagy goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysady giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeläp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işiniň ähmiýeti uludyr.
Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa öz gezeginde öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň, olary hil taýdan kämilleşdirmegiň, nyrhlary önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak arkaly pese düşürmegiň esasy tizlik beriji serişdesi bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge kuwwatly ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmeginde türkmen telekeçileriniň hyzmaty uludyr. Olar ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmekde we haryt bolçulygyny kemala getirmek işlerinde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýar.