Aşgabadyň gözel keşbi

3 Fewral 2021
1337

Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Aşgabadyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze we özboluşly binalardyr desgalar bilen ýetirilip, halkymyzyň aýratyn buýsanjyna, ýurdumyzyň depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär. Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamaga iň amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini has-da pugtalandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirýär. Milli Liderimiz ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny — taýýarlanyşyndan başlap, amala aşyrylyşyna çenli hemme işleri hemişe üns merkezinde saklaýar hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmäge täzeçil, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belleýär. Paýtagtymyzda gurulýan Maslahatlar merkezi hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolar. Aşgabadyň günorta böleginde gurulýan kaşaň «Arkadag» myhmanhanasyny-da bu şanly sene mynasybetli ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

«Esger».