Döwrüň talabyna eýerip

3 Fewral 2021
1454

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmak, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň hasabyna obasenagat toplumyny ilerletmek, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere, gazanylan üstünliklere mynasyp goşant goşdy. Bankyň ulgamyndaky şahamçalaryň 50-sinde bank gulluklarynyň 10-sy hereket edip, müşderiler üçin dürli görnüşli bank hyzmatlary ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda däne ýygyjy kombaýnlaryny yzygiderli satyn alyp bermegi bilen bugdaý meýdanlarynda olar bökdençsiz işledilip, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Şeýle hem bereketli türkmen topragynyň altyn öwüsýän bugdaý atyzlarynda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly öndürilip, döwlet harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bank tarapyndan bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda doly geçirildi.

Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.