Ezberler öňe saýlandylar
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz heniz görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslenýär. Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolup geçýän taryhy wakalar, oňyn ösüş-özgerişler täze üstünliklere itergi berýär. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.