Welaýat zenanlar bölüminde

30 Ýanwar 2021
1140

Gymmatly esere bagyşlanylan bäsleşik

Zenan sarpasy belende göterilýän Arkadagly ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň bagtyýar ýaşamagy, ruhubelent, joşgunly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle eşretli, döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan gyz-gelinlerimiziň arasynda dürli bäsleşikler guralýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyny wagyz etmek, onuň many-mazmunyny her bir zenana, her bir maşgala ýetirmek maksady bilen «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen bäsleşik yglan edildi.