Halkymyzyň abadan durmuşyny ähli zatdan ilerde goýýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, deputatlar ýerlerde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barýarlar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini, Diýarymyzyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny ýene bir ýola ýüze çykarjak syýasy çäredir.