Kanunlar mähriban halkymyzyň bähbidine

29 Ýanwar 2021
1329

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň hukuk binýady gün-günden kämilleşýär, täze kanunlar kabul edilýär. Olaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň has-da ýokary depginler bilen ösmegine we raýatlarymyzyň kanuny taýdan goraglylygyna oňyn täsirini ýetirýär.     

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalaryň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly alnyp barylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçiligiň düzgünlerini özünde jemleýär. Administratiw edaralara ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalary kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslar degişlidir. Kanunylyk we kanunyň öňünde deňlik administratiw önümçiligiň alnyp barlyşynyň esasy ýörelgeleridir. Şol sebäpden administratiw edaralar administratiw önümçiligi öz ygtyýarlygynyň çäginde hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyryp, taraplaryň deňhukuklylygynyň goralmagyny üpjün etmäge borçly bolup durýarlar. Şu Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da maglumat almaga hukugy bardyr. Administratiw edara bolsa ýüz tutmalar boýunça kesgitli hukuk netijelere getirýän administratiw namany kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr.

Rejepgeldi TAGANDAŞOW,
welaýat kazyýetiniň bölüm müdiri.