Watansöýüjilik mekdebi

29 Ýanwar 2021
1424

Polkownik Döwlet Garlyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Oňa harby bölümiň serkerdeleridir esgerleri gatnaşdylar.

Dabaraly çärede «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe harby kasama wepaly Watan goragçylary ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýärler, ýurdumyzyň eziz topragynyň mizemezligini, halkymyzyň asudalygyny goramakda yhlasly gulluk edýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny, Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada uly alada edilip, bu ugurda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Täze, döwrebap harby bölümler, serhet galalary, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär» diýlip, buýsanç bilen nygtaldy. Halkymyzy eşretli durmuşyň goýnunda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň giňden dabaralanmagyna gönükdirilen beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Dünýägözel ORAZOWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».