Watan goragy beýgeldýär

28 Ýanwar 2021
1516

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watan goragçylarynyň baýramçylygynyň bellenilýän gününde geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi Milli goşunymyzyň şahsy düzüminiň baýramçylyk ruhuny göterip, baýramçylygy çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Has anygy, bu mejlis hormatly Prezidentimiziň: «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy — ýaragy gurat bolmalydyr» diýen taryhy sözleriniň durmuşa geçirilişiniň nobatdaky dabaralanmasy boldy.

Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garalyp, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça işleri kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Adalat».