Tir

28 Ýanwar 2021
1468

Öz döwründe gündelik ulanylýan iş guraly, daýhançylyk esbaby bolan tirler soňky döwürde ulanylyş ähmiýetini doly diýen ýaly ýitirdi. Gallanyň kämil tehnologiýa bilen ýygnalyp, arassalanmagy, şalyny, bugdaýy üweýän häzirki zaman degirmenleriň ulanylmagy tirleri ulanmak zerurlygyny doly aradan aýyrdy.

Tirler okaradan, çanakdan tapawutlylykda, düýbi edil elekler ýaly dik gelen, ýöne elekden tapawutly tarapy, aşagy gözeneksiz, bitewi hojalyk esbabydyr. Öňki döwürlerde elekleriň aşagy hem gowy işlenip, endigan deşilen gönden edilipdir. Tirleriň aşagyna hem bitewi deri tutulypdyr. Şeýle edilende elek hem tir üçin şol bir çarçuwany ulanmak mümkin bolupdyr.

Meýlis SAPAROW,
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.