Maslahat geçirildi

27 Ýanwar 2021
1597

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň guramaklarynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — durnukly ösüş ýoly» diýen at bilen tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, Daşoguz welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Ene mähri» merkeziniň işgärleri we Daşoguzyň B. Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagly Watanymyzyň içeri we daşary syýasatda alyp barýan ynsanperwer ýörelgeleri, ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşleriň belent sepgitleri barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli anyk işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada birin-birin durup geçdiler.

Didar OSMANOW,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.