Garaşsyzlyk — beýik bagtymyz

25 Ýanwar 2021
2667

Mundan otuz ýyl ozal ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen güneşli Diýarymyzyň nurana geljeginiň we şanly rowaçlyklarynyň sarsmaz binýady tutuldy. Hut şonuň üçin biz her ýyl Watanymyzyň berkararlygyny, milli bitewiligimizi şöhratlandyrýan mukaddes baýram hökmünde bu şanly senäni beýik watansöýüjilik ruhunda — ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşy alýarys. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk Watanymyzyň demokratik, dünýewi we hukuk döwleti hökmünde dünýä bileleşigine ynamly goşulmagyna mümkinçilik berdi, taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem-de merdana halkymyzyň dostluk, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini rowaçlandyrdy, bagtyýar hem-de abadan durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, parahatçylyksöýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini hem Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýar.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ösüşli ýyllaryndaky gazanylanlary pugtalandyrmak bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, medeni, ylmy-tehniki özgertmeleriň, tutumly maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy hem-de netijeli dowam etdirilmegi ildeşlerimiziň her biriniň göwün guşuny ganatlandyrýar, ýüregini joşdurýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanyşa girizilmegi, jebisligimiziň we agzybirligimiziň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan ylmy-medeni, jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Gülläle EREŞOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.