Üstünlikler — ösüşlere badalga

24 Ýanwar 2021
1755

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bagtyýar ýaşaýan halkymyz ýagşy umytlar, arzuwlar bilen 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Parahatçylygyň, asudalygyň, ynanyşmagyň mekany hökmünde at-owazasy dünýä dolan Türkmenistan ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barýar. Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler ýurduň kuwwatlanmagyna we halkara abraýynyň has-da artmagyna alyp barýar. Ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmak, talyp ýaşlaryny ylymly-bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky amala aşyrýan özgertmeleri biziň ählimizi — mugallymlary, talyplary örän buýsandyrýar. Bilimde bolup geçýän özgertmeler bolsa, barmak büküp sanardan köpdür. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, bagtyýarlyk döwrümizde okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmaga, sapaklarda sanly tehnologiýalardan we dünýä tejribesinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Interaktiw usul mugallymy we okuwçyny, talyby täze tehnologiýa esasynda taýýarlanylan ders maglumatlaryndan netijeli peýdalanmaga gönükdirýär. Şeýle hem okatmagyň bu usuly mugallymlary we talyplary döredijilik işlerine çekmäge itergi berýär.

Gurbannazar ÇOWDYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.