Sagdyn durmuş ýörelgesi

24 Ýanwar 2021
1492

Howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak maksady bilen, ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmakda Bäherden etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeňlik görkezýärler. Şu günler jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bilen bilelikde, etrap häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda, bu işleri guramaçylykly ýola goýýarlar. Olar oba geňeşlikleriniň ýaşaýjylary bilen öý şertlerinde duşuşyp, olara sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, ýokumlara baý iýmitler bilen dogry we kadaly iýmitlenmek, otagy ýygy-ýygydan ýelejiredip, onuň howasyny tämizläp durmak, üzärlik ösümligini tütetmek barada netijeli maslahatlary berýärler.

Wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän ösümliklerden taýýarlanan melhem içgileriň peýdasy barada aýratyn gürrüň berilýär. Itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryň bu babatdaky peýdasynyň uludygy barada aýdylanlar ildeşlerimizde uly täsirleri döredýär.