Türkmeniň ruhy dünýäsi

21 Ýanwar 2021
1489

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi baradaky habar her birimizi häzirki wagtdan şol uly toýa ykjam taýýarlyk görmäge borçlandyrýar.

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar.

Çary SEÝITNEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.